9-njy maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde guralan dabara gatnaşýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlarynyň, urşa gatnaşanlaryň ýanýoldaşlarynyň hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken merdana weteranlaryň ýanyna baryp olar bilen hal-ahwal soraşdy hem-de olary Ýeňiş baýramy bilen gutlady. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşuly nesliň wekilleriniň, şol sanda gazaply urşuň kynçylyklaryny gözi bilen gören mährem eneleriň geçen durmuş ýolunyň häzirki nesiller üçin nusgalyk mekdepdigini belledi. Olaryň bitiren hyzmatlary, söweşjeň ýoly bagtyýar nesilleriň kalplarynda müdimi ýaşaýar. Munuň özi şöhratly pederlerimiziň edermenliginiň, watansöýüjiliginiň döwürler we nesilleri baglanyşdyrýandygynyň aýdyň beýanydyr. Köp kynçylyklary görüp, eşretli zamanada ýaşamak bagta miýesser eden weteranlar hemmetaraplaýyn üns alada bilen gurşalandygy, şeýle hem şanly sene mynasybetli döwlet Baştutanynyň adyndan baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylandygy üçin hem-de gutlaglar üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we hemmeleri şanly sene bilen gutladylar diýip, TDH habar berýär.