Visualcapitalist portalynyň hünärmenleri 2024-nji ýylda 25 ýurduň iň baý we iň garyp ýaşaýjylarynyň gündelik girdejilerini görkezýän infografikany taýýarladylar. Our World in Data taslamasy tarapyndan toplanan maglumatlar ABŞ-nyň dollarynda görkezilýär we 2017-nji ýylyň bahalary boýunça satyn alyjylyk ukybynyň pariteti (PPS) nazarda tutulyp düzedildi. Bu hümmetsizlenmäni we ýurtlaryň arasyndaky ýaşaýşyň gymmatynyň aratapawudyny göz öňünde tutýar. Maglumatlara görä, iň baý amerikalylaryň 10%-i günde adam başyna ortaça 156 dollar gazanýar. Bu beýleki ýurtlardaky şuňa meňzeş toparlaryňkydan ep-esli köp. Girdejiler salgytlar tölenenden we sosial ýeňillikleri alandan soň, sarp ediş ýa-da girdeji maglumatlary esasynda hasaplanýar. Adam başyna, şol sanda çagalara düşýän girdeji, daýhanlaryň öz sarp etmegi üçin ösdürip ýetişdirýän iýmitleri ýaly pul däl çeşmeler hem göz öňünde tutulýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 weeks ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir