Azerbaýjanyň ADOG kompaniýasy bilen Halkara Zira porty Hazar deňzi bilen Gara deňzi ýerasty tunel arkaly birleşdirmek teklibini orta atdy. Bu barada azerbaýjan maglumat portaly «Minval Politika» habar berýär. Taslamada diametri 10 metr bolan tuneliň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Bu tunel Hazar bilen Gara deňzi biri-birine baglar. Tebigy beýiklikleriň tapawudy sebäpli, suw Hazar deňzine nasossyz, öz hereketine akyp biler. Teklibi öňe sürüjiler bu taslamanyň Hazar deňziniň suw derejesini durnuklaşdyrmaga kömek etjekdigini aýdýarlar. Suwuň derejesiniň soňky ýyllarda yzygiderli peselmegi sebitiň ykdysadyýetine, ekologiýasyna we Hazaryň kenarynda ýerleşýän ýurtlaryň infrastrukturasyna howp salýar. Kompaniýanyň bellemegine görä, taslama berk ekologik kadalara laýyklykda amala aşyrylar we daşky gurşaw yzygiderli gözegçilikde saklanar. Taslamanyň ýolbaşçylary bu başlangyja döwlet derejesinde garalmagyna umyt bildirýärler we degişli guramalar bilen öňünden maslahatlaşyk geçirmegi teklip edýärler. Aprel aýynda Hazar deňziniň derejesiniň 2100-nji ýyla çenli 21 metr peselip biljekdigi habar berildi. Alymlaryň bellemegine görä, bu ýagdaý uly ekologik betbagtçylyga sebäp bolup biler.