Microsoft kompaniýasy bilen BAE-niň Du telekommunikasion operatory Dubaýda uly möçberli maglumat merkeziniň gurluşygyna başladylar. Taslamanyň bahasy 544 million dollar. Bu merkez Dubaýyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakdaky liderligini pugtalandyrar diýip, «TechRadar» habar berýär. Maglumat merkeziniň gurluşygy Microsoft-yň Ýakyn Gündogarda bulut we emeli aň hyzmatlaryny giňeltmek strategiýasynyň bir bölegidir. Du telekommunikasion operatorynyň ýolbaşçysy Fahad Al Hassawiniň sözlerine görä, bu maýa goýumlar BAE-niň sanly ulgamyny ösdürmekdäki möhüm ädimdir. Täze maglumat merkezi tapgyrlaýyn gurlar we Microsoft-yň bulut hyzmatlaryny giňeltmegine mümkinçilik döreder. Du telekommunikasion operatory infrastrukturany üpjün eder. Taslama dürli sanly hyzmatlar üçin zerur bolan tiz we ygtybarly bulut ulgamyna bolan islegi kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Microsoft 2019-njy ýylda BAE-de sebitleýin bulut ulgamlaryny işe girizeli bäri, Ýakyn Gündogarda bulut hyzmatlaryny işjeň ösdürýär. Şondan bäri kompaniýa Katarda, Ysraýylda we Saud Arabystanynda şuňa meňzeş bulut sebitleriniň döredilýändigini mälim etdi, şeýle-de Kuweýtde hem täze bulut sebitiniň işe girizilmegi meýilleşdirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir