5-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär. Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri hem-de wise-premýer ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek işleri alnyp barylýar. Bugdaý oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýar etmek babatda zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri alnyp barylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edýär. Pile möwsüminiň çäklerinde welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Diýarymyzyň tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak maksady bilen, ýangyna garşy gorag zolaklaryny döretmek boýunça arassaçylyk hem-de sürüm işleri geçirilýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda gögeriş alnan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi hem-de ýekelemek, otag etmek işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy, gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde peýdalanmak üçin zerur çäreleri görmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, Serdar Berdimuhamedow ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlara talabalaýyk ideg edilmeginiň, Daşoguz welaýatynda şaly ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmeginiň, welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, pile taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylmagynyň zerurdygyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir