ABŞ-nyň administrasiýasy 2030-njy ýyla çenli Halkara kosmos stansiýasynyň ulanylyşyny bes etmegi meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň 2026-njy ýyl üçin býujet taslamasynda aýdylýar. Resminama görä, HKS üçin çykdajylar 508 mln dollar azaldylar. Bu ekipažyň sanynyň we ylmy gözlegleriň möçberiniň azalmagy bilen baglanyşyklydyr. NASA serişdeleri HKS-iň işi tamamlanandan soň onuň ornuny tutjak täjirçilik orbital stansiýalaryny döretmäge gönükdirmegi meýilleşdirýär. Ak tamda NASA-nyň Aýy we Marsy özleşdirmek üçin halkara hyzmatdaşlar bilen gatnaşyga üns berjekdigi aýdylýar. Stansiýany ulanylyşdan aýyrmagyň gutarnykly möhleti heniz tassyklanmadyk. ABŞ 2030-njy ýyly göz öňünde tutýar, Russiýa bolsa taslamany eýýäm 2028-nji ýylda ýapmagy meýilleşdirýär. HKS 1998-nji ýylyň 20-nji noýabryndan bäri orbitada ýerleşýär. Ýigrimi ýyldan gowrak wagtyň içinde ol kosmosda ylmy tejribeler üçin iň uly halkara platformasyna öwrüldi. Taslama bäş esasy hyzmatdaş gatnaşýar: ABŞ, Russiýa, Kanada, Ýaponiýa, şeýle-de Ýewropa kosmos agentligi. Bu agentligiň düzümine bolsa Belgiýa, Germaniýa, Daniýa, Ispaniýa, Italiýa, Niderlandlar, Norwegiýa, Fransiýa, Şwesiýa we Şweýsariýa girýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir