Lýuks ulaglary tehniki taýdan üýtgetmek bilen belli bolan Mansory nemes atelýesi iş gerimini giňeldip, gozgalmaýan emläk pudagynda ilkinji taslamasyny işe girizýär. Amaal deweloperi bilen bilelikde ol Dubaýyň Mohammed Bin Rashid City sebitinde ýaşaýyş diňini gurar. Taslama Amaal 8 adyny aldy. Toplum 512 sany dürli ululykdaky ýaşaýyş öýlerini öz içine alar. Binanyň beýikligi – 48 gat. Gurluşygy 2027-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär. Toplumyň aýratynlyklarynyň arasynda gönüden-göni penthauslar bilen baglanyşdyryljak şourum funksiýaly VIP garažlar bar. Olar týuning awtomobilleriň eýeleri üçin niýetlenip, brendiň awtomobil estetikasyna ünsi çekýär. Şeýle-de, infrastruktura basseýni, sport zallaryny, kinoteatry, spany, restorany, kiçi golf meýdançasyny we ýaryş simulýatorlaryny öz içine alýar. Interýeriň her bir elementi, iň gowy awtomobillerde bolşy ýaly, indiwiduallygy we ýokary öndürijiligi özünde jemlär diýip, Mansory-nyň wekilleri belleýär. Bu ugurda Mansory ýaşaýyş emlägi boýunça taslamalara gatnaşýan awtoöndürijileriň we týuning kompaniýalarynyň göreldesine eýerýär. Öň, şeýle başlangyjy Bentley, Aston Martin we Lamborghini hödürledi.