Wagtyň kanunlaryny üýtgetmek mümkin däl, ýöne bir emeli desga, her niçigem bolsa, Ýeriň aýlanmagyna täsir edip, gije-gündiziň dowamlylygyny uzaltdy. Gürrüň Hytaýdaky “Üç jülge” bendi barada gidýär. Bu desga kesgitlenen kuwwaty boýunça dünýäde iň uly elektrik stansiýasydyr. NASA-nyň Kosmos uçuşlary merkeziniň wekili doktor Benjamin Fong Çaonyň LADbible neşirine habar bermegine görä, bent uly suw massasyny bir ýerde saklaýar. Netijede, bu suw massasy Ýer massasynyň paýlanyşynyň üýtgemegine we onuň aýlanmagyna täsir edýär. Desga Sandoupiniň golaýyndaky Ýanszy derýasynda ýerleşýär we 2012-nji ýylda guruldy. Onuň ini 2335 metr, iň ýokary beýikligi bolsa deňiz derejesinden 185 metr. Gurluşyga 20,4 mlrd dollar sarp edildi. Bent, takmynan, 40 kub kilometr suwy saklap bilýär – bu bolsa, takmynan, 10 trln gallona deň. Massanyň şeýle üýtgemesi Ýerde bir günüň dowamlylygyny 0,06 mikrosekunt uzaldýar. Doktor Çaonyň aýtmagyna görä, şeýle üýtgeşme adam üçin bildirtmeýär. Eger 0,06 mikrosekunty tutuş Älemiň ýaşyna köpeltseň, onda bary-ýogy goşmaça üç gün alnar. Bir gije-gündiziň dowamlylygyny bir sekunt uzaltmak üçin bolsa 16 666 666 sany şeýle bendi gurmaly bolardy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir