Hytaýyň «Çanýe-5» missiýasy bilen Aýdan getirilen toprakdan täsin uglerod birleşmeleri tapyldy. Alymlar bu birleşmeleriň grafene meňzeş gaty gurluşdygyny we olaryň mukdarynyň garaşylandan has ýokarydygyny aýtdylar. Bu barada geçirilen barlaglaryň netijeleri «Nature Communications» žurnalynda çap edildi. Bu birleşmeler meteoritleriň Aýyň ýüzüne urlan mahaly ýokary temperatura we basyş bilen emele gelen bolmaly. Barlaglar bu birleşmeleriň düzüminde agyr uglerod-13 izotopynyň köpdügini görkezdi. Bu bolsa olaryň diňe kosmosdan gelmändigini, ýagny Aýdaky reaksiýalaryň netijesinde hem dörändigini görkezýär. Şeýle gurluşlar örän durnukly bolýar we beýleki ownuk organiki maddalar ýaly çalt dargamaýar. Şonuň üçin hem Aýda atmosfera bolmasa-da, uglerod toprakda saklanyp galypdyr. Bu açyş Gün ulgamynyň taryhyny öwrenmek we geljekde Aý bazalaryny döretmek üçin möhüm maglumatlary berýär.