Golaýda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde ýerleşýän Ýewropa sebiti edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi. Çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraldy diýip, TDH habar berýär. Türkmenistanyň gününe BSGG-niň Ýewropa sebiti edarasynyň direktory Hans Klýuge we guramanyň degişli wekilleri, şeýle-de Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna agza döwletleriň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar. Ýörite kesgitlenen meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň gününiň çäklerinde ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, derman serişdelerine gözegçilik hem-de olary hasaba almak işleri, ilaty keselleriň öňüni alyş sanjymlary bilen doly gurşap almak boýunça milli derejede durmuşa geçirilýän işlere syn berlip, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Soňky ýyllarda Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy hünärmenleri bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilelikdäki taslamalardyr maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, dürli keselleriň öňüni almagyň, anyklamagyň, bejermegiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylýar. Lukmançylyk we ylmy diplomatiýada hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek bilen, Türkmenistan dünýäniň iri ugurdaş ylmy-barlag merkezleri, halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen gatnaşyklarynyň gerimini has-da giňeltdi. Bu bolsa oňyn netijeleri berip, ilatyň ömrüniň ortaça dowamlylygynyň ýokarlanmagy ýaly esasy görkezijilere gönüden-göni täsir etdi. Kopengagende geçirilen çärede hem BSGG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň zerurdygyna üns çekilip, ýurdumyzda çagalaryň we zenanlaryň saglygyny goramak maksady bilen, ýokanç däl keselleriň düzümine girýän howply täze döremeleriň öňüni almak üçin ýola goýlan skrining barlaglary hem-de geljekde bu barlagyň netijeleri boýunça teklipleri işläp taýýarlamak, olary amaly lukmançylyga ornaşdyrmak bilen bagly meseleler barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň gününiň çäginde geçen 30 ýylda ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda ýetilen sepgitlere bagyşlanyp surat sergisi guraldy.