Toyota 2026-njy model ýylynyň Camry ulagy barada giňişleýin maglumatlary berdi. Bu ulag indi SE, XLE we XSE wersiýalarda kuzowyň täze Dark Cosmos – “öçügsi gök” reňkinde hödürlenýär. Bu reňk ýakynda hödürlenen Nightshade wersiýasy üçin elýeterli däldir. Kompaniýanyň resmi saýtynda awtomobiliň salonyny we kapotyň aşagyny görkezýän suratlar ýerleşdirildi. Interýerde köp sanly fiziki düwmeler ulanylypdyr. Geçen hepde ýapon awtoöndürijisi Camry 2026 Nightshade Edition ulagyny hödürledi – bu wersiýa Midnight Black Metallic reňkinde gara radiator gözenegi, gapdal aýnalary we 19 dýuým tigirleri bilen tapawutlanýar. Alyjylara kuzowyň üç reňki elýeterli: ak, gyzyl we gara. THS 5 gidrid ulgamy 225 at güýjüni (FWD) ýa-da 232 at güýjüni (AWD) berýär, model sport asgyjyna (podweska) we gara SofTex materialy bilen üpjün edilen salona eýe boldy. Ýangyjyň sarp edilişi hatda doly herekete getirijili wersiýada hem 100 km üçin 5,1 l barabar. Täze sedan şu tomus ABŞ-da satuwa çykar.