Alymlar 13 sany howply ýylan görnüşiniň, şol sanda gara mambanyň, şa kepjebaşynyň we gaplaň ýylanynyň zäherini netijeli zyýansyzlandyryp biljek üç komponentli serişdäni hödürledi. Bu barada Cell ylmy neşirinde habar berildi. Derman serişdesiniň düzümine iki sany antibedenjik we bir ingibitor girýär. Bu onuň netijeliligini ýokarlandyrýar. Antibedenjikler amerikaly mehanik Tim Fridiň ganyndan alyndy. Ol 18 ýylyň dowamynda meýletin ýagdaýda 800-den gowrak ýylan çakmasyny we 16 ýylan görnüşiniň zäheriniň bedene sanjym arkaly goýberilmegini başdan geçirdi. Şeýlelikde, onuň organizmi alymlara derman serişdesini döretmäge kömek eden seýrek antibedenjikleri işläp çykardy. Ylmy gözlegçiler BSGG tarapyndan aýratyn howply diýlip ykrar edilen 19 ýylan görnüşiniň zäherlerini öwrendi. Netijede, şu aşakdaky düzüm döredildi: ·LNX-D09 antibedenjigi – ýylanlaryň alty görnüşine garşy hereket edýär; ·Warespladib ingibitory – ýene üç görnüşden goragy güýçlendirýär; ·SNX-B03 antibedenjiigi – galanlara garşy hereket edýär. Indiki tapgyr Awstraliýada kliniki synaglary geçirmekden ybarat. Derman serişdesi ýerli ýylanlar tarapyndan çakylan itlerde synagdan geçiriler. Munuň bilen ugurdaşlykda beýleki sebitlerde ýaşaýan alahöwreniň zäherine garşy niýetlenen wersiýanyň üstünde iş alnyp barylýar. Eger serişdeleriň netijeliligi tassyklansa, ol gymmat we diňe bir ýa-da birnäçe görnüş üçin taýýarlanan antidotlary çalşyp biler. Hindistan ýaly ýurtlarda bu ýylanyň çakmagyndan bejergini aňsatlaşdyryp, ölüm derejesini peseldip biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir