Amerikanyň Consumer Reports žurnaly 2025-nji ýylda ulanylan awtoulaglaryň arasynda haýsy markalaryň iň ygtybarly hasaplanýandygyny kesgitledi. Ýapon öndürijileri ýene-de öňdebaryjy boldular. Visualcapitalist portaly pikirsoraşmalaryň netijelerine esaslanyp, infografikany taýýarlady. Barlagda soňky 12 aýda haýsy näsazlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolandygy barada soralan okyjylaryň maglumatlary ulanyldy. Diňe 2015-2020 model ýyllaryndaky awtoulaglar hasaba alyndy. Sanawda birinji orny Toyota Motor kompaniýasynyň Lexus premial markasy, ikinji oruny Toyota markaly awtoulaglar eýeledi. Şeýle-de, ilkinji bäşlige Mazda, Honda we Acura hem girdi.