Maldiwleriň Prezidenti Mohamed Muizzu taryhda iň uzak dowam eden metbugat maslahatyny geçirdi. Bu barada The Daily Guardian habar berýär. Bellenilişi ýaly, metbugat maslahaty şenbe güni ýerli wagt bilen 10:00-da başlady we giç agşam tamamlandy. France 24 teleýaýlymynyň hasaplamagyna görä, ol 14 sagat 54 minut dowam etdi. Muizzu diňe namaz okamak üçin gysga arakesmelere çykdy. Şeýlelikde, ol 2019-njy ýylda Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiniň goýan öňki rekordyny täzeledi. Şol wagt Zelenskiý žurnalistler bilen 14 sagat gürrüňdeş boldy. Ondan öň rekord Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko degişlidi, ol ýedi sagatdan gowrak wagt çykyş etdi. Ofisde Muizzu metbugat maslahatynyň senesiniň ýörite – Bütindünýä metbugat azatlygy güni mynasybetli saýlanandygyny aýtdy. Prezident söz erkinliginiň we onuň demokratik jemgyýetde ornunyň ähmiýetini belläp geçdi. Aprel aýynyň başynda ABŞ-da hem senatda edilen çykyşyň dowamlylygy boýunça täze rekord goýuldy. Ony senator-demokrat Kori Buker goýdy. Ol 25 sagatdan gowrak wagt çykyş etdi. Bukeriň çykyşy 31-nji martda agşam başlady we bir günden soň tamamlandy. Şeýlelik bilen, ol 1957-nji ýylda Raýatlyk hukuklary baradaky kanunyň kabul edilmegine päsgel bermek üçin 24 sagat 18 minut çykyş eden senator Strom Turmondyň rekordyny täzeledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir