Awstraliýanyň Hobart şäheriniň portunda öndürijisi tarapyndan dünýäniň iň uly elektrogämisi diýlip atlandyrylýan gämi suwa goýberildi. «The Guardian» neşiriniň ýazmagyna görä, gäminiň uzynlygy 130 metr. Incat kompaniýasy tarapyndan gurlan gämi «Hull 096» diýlip atlandyryldy. Ol Günorta Amerikanyň Buquebus parom operatory tarapyndan taslanyldy we Argentinanyň paýtagty Buenos-Aýres bilen Urugwaýyň arasynda La-Plata derýasy boýunça gatnaw amala aşyrar. Gämi taslamasy boýunça 2100 ýolagçyny gatnadyp, 225 ulag serişdesini daşap bilýär. «Hull 096» diňe akkumulýatorlardan alynýan elektrik energiýasy bilen işleýär. Olaryň umumy agramy 250 tonna bolup, gurnalan kuwwaty 40 megawatt-sagatdan hem geçýär. Gämi gurluşyk kompaniýasynyň wekilleri «Hull 096» elektrogämisini özleriniň şu wagta çenli amala aşyran iň uly, iň çylşyrymly we iň möhüm taslamasy diýip atlandyrdylar.