Samsung ýarymgeçirijileriň önümçiligi sebäpli ABŞ-da düýpli maliýe kynçylygyny başdan geçirýär. Soňky dört ýylda kompaniýanyň Arizonadaky amerikan bölümçesi 1,21 mlrd dollar ýitgi çekdi diýip, Sammobile habar berýär. Ösen tehnologiýalaryň ulanylýandygyna garamazdan, Samsung-a girdejili sargytlary özüne çekmek başartmaýar. Bu hem onuň maliýe görkezijilerine ýaramaz täsir edýär. Tehas ştatynyň Teýlor şäherindäki täze zawodyň gurluşygyna kompaniýa, takmynan, 20 mlrd dollar maýa goýdy. Gurluşyk tamamlandy, ýöne önümçiligiň işe goýberilmegi häzirlikçe yza süýşürilýär. Samsung işewürlik gurşawynyň çylşyrymlylygy we 25%-den geçip biljek ýokary import nyrhlary sebäpli zawody enjamlar bilen üpjün etmedi. Şeýle kynçylyklary Samsung-yň esasy bäsdeşi bolan TSMC kompaniýasy hem başdan geçirýär – ol hem Ştatlarda ýitgi çekýär. Samsung-yň Tehasdaky zawodynyň işe girizilmeginiň 2027-nji ýyla çenli süýşürilip bilinmegi baradaky gürrüňlere garamazdan, kompaniýa önümçilige 2026-njy ýylda başlamak isleýändigini aýtdy. Ýöne bazaryň durnuksyzlygy we geosyýasy faktorlar Samsung üçin päsgelçilik döretmegini dowam etdirýär.