25-nji aprelde Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda geçirilen II Halkara matematika olimpiadasynyň jemleri jemlendi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi. Bu bäsleşige Russiýadan, Ermenistandan, Bolgariýadan, Özbegistandan, Nepaldan, Hytaýdan, Belarusdan, Türkiýeden, Eýrandan, Täjigistandan, Saud Arabystanyndan, Pakistandan, Wýetnamdan, Katardan, şeýle hem Türkmenistandan okuwçylaryň jemi 231-si gatnaşdy. Halkara matematika olimpiadasynyň ýapylyş dabarasyna Türkmenistanyň bilim ministri hem-de degişli ýolbaşçylar, eminler toparynyň başlygy, daşary ýurt wekiliýetleriniň agzalary, daşary ýurtly we türkmenistanly mekdep okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Dabara şeýle hem Türkiýäniň milli bilim ministri Ýusuf Tekin gatnaşdy. Saparynyň çäklerinde ol 131-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebinde okuw işiniň gurnalyşy we bilim alýanlaryň okuw şertleri bilen tanyşdy. Mälim bolşy ýaly, ders bäsleşigi A we B derejede alnyp barlyp, olimpiadanyň geçirilişine ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň orta mekdepleriniň mugallymlaryndan düzülen eminler topary gözegçilik etdi. Ýeňiji bolan okuwçylara Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy. Mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen II halkara matematika olimpiadasynda altyn medallaryň sany boýunça wýetnamly gatnaşyjylar ýokary netije görkezip, altyn medallaryň 6-syna mynasyp boldular. Şeýle hem bu sanawda 5 sany altyn medal bilen ýurdumyzyň mekdep okuwçylary ikinji, 4 sany altyn medal bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Özbegistanyň wekilleri üçünji orunlary eýelediler. Umumylykda, olimpiada gatnaşyjylar A we B derejeler boýunça medallaryň jemi 101-sine mynasyp boldular. Medallaryň sany boýunça Türkmenistanyň mekdep okuwçylary iň ýokary netijäni görkezip, olar medallaryň 31-sini, şol sanda 5 altyn, 9 kümüş,17 sany bolsa bürünç medal gazanmagy başardylar. Bu sanawda medallaryň 17-si bilen Özbegistanyň mekdep okuwçylary ikinji, medallaryň 10-sy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hem-de Täjigistanyň wekilleri üçünji orunlary eýelediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 day ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir