21-nji aprelde Türkmenistanyň Mongoliýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Pekin ş.) P.Durdyýew Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuha ynanç hatyny gowşurdy. Dabarada Ulan-Bator şäherinde şäherinde Mongoliýanyň Hökümet öýünde geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler. Dabaranyň dowamynda ilçi P.Durdyýew Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan döwlet Baştutanyna, şeýle hem mongol halkyna ýollanan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Öz gezeginde Mongoliýanyň Prezidenti hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallygyny beýan etdi. Dabaranyň ahyrynda ilçi P.Durdyýew bilen Mongoliýanyň daşary işler ministri Batseseg Batmunhýniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda B.Batmunhiýn ilçini ynanç hatyny gowşurmagy bilen gutlady we diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem taraplar Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça pikir alyşdylar.