“Barselona” Ispaniýanyň Kubogynyň finalynda Madridiň “Realyny” goşmaça wagtda 3:2 hasabynda utdy. Oýunda birinji bolup hasaby “Barselona” açdy – 28-nji minutda Pedri gol geçirdi. “Real” 70-nji minutda Kilian Mbappeniň jerime urgusynyň netijesinde hasaby deňledi, ýene 7 minutdan Orelýen Tçuameni madridlileri öňe çykardy. 84-nji minutda Ferran Torres hasaby 2:2 etdi. 90+6-njy minutda duşuşygyň emini wideogaýtalama görlenden soň, madridlileriň derwezesine garşy goýan penaltisini ýatyrdy, Rafinýa bolsa öýkünmesi üçin sary duýduryş aldy. Ýeňiş goluny 116-njy minutda Žýul Kunde geçirdi. 120+3-nji minutda Antonio Rýudiger gyzyl duýduryş aldy. Şeýlelikde, “Barselona” Ispaniýanyň Kubogynyň ýeňijisi boldy. Kataloniýalylar üçin bu 32-nji Kubok boldy, olar uly aratapawut bilen ýaryşyň rekord eýesidir. Ikinji orunda Bilbaodan “Atletik” (24) ýerleşýär, üçlügi “Real” jemleýär (20).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir