Tesla kompaniýasy «Cybercab» sürüjisiz elektromobilini Ýewropa bazaryna çykarmak boýunça ilkinji resmi ädimini ätdi. Ýewropanyň patent edarasynyň berýän maglumatlaryna görä, şu ýylyň 9-njy aprelinde bu modeliň dizaýnyny hasaba aldyrmak üçin ýüz tutulypdyr. Dizaýn şekilleri 15-nji aprelde elýeterli boldy diýip, «32Cars» habar berýär. «Cybercab» – doly awtonom elektrikli awtoulag bolup, ol iki ýolagçy gatnatmak we köp mukdarda ýük daşamak üçin niýetlenendir. Ölçegleri boýunça «Model Y» ulagyna meňzese-de, ol diňe sürüjisiz robotlaşdyrylan ulag hyzmatlaryna niýetlenýär. Niderlandlaryň Infrastruktura ministrliginiň häzirki meýilnamalaryna görä, awtonom ulag hyzmatlary 2027-nji ýylda ýurtda kanuny taýdan işe girizilip bilner. Bu bolsa «Cybercab-yň» ÝB bazaryna çykmagyna ýol açar. Eger-de taslama tassyklansa, Tesla ýewropaly müşderilere şäher içindäki karşering we awtonom taksi hyzmatlary üçin niýetlenen innowasion elektrikli ulag çözgüdini hödürläp biler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir