2025-nji ýylyň 29-njy apreli — 1-nji maýy aralygynda Söwda-senagat edarasynda «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkasy hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty geçiriler. Wise-premýer N.Atagulyýew çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sergä ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli hem-de ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň, guramalaryň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Onuň çäklerinde halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda eksporty ösdürmek, sanly marketing, sertifikasiýa talaplary ýaly meseleler boýunça maslahat beriş duşuşyklarynyň, işewürlik geňeşmeleriniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Halkara maslahata gatnaşmak üçin dünýäniň 27 ýurdundan kompaniýalaryň we guramalaryň 63-si hasaba alnyp, häzirki wagtda-da gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak işi dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Döwlet Baştutany «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahata gowy taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir