17-nji aprelde Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ulag diplomatiýasy boýunça Halkara merkeziniň Ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler. Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler halkara gatnawlarynyň hukuk we logistika binýadyny kämilleşdirilmegi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdiler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan ulag ulgamyndaky ysnyşykly we giň gerimli halkara hyzmatdaşlyga berk we yzygiderli ygrarlylyk görkezýär. Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplaryň ulag pudagyndaky gatnaşyklary giňeltmek babatynda täze amaly tekliplere taýýardygy mälim edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir