Huawei "Eyewear 2" täze nesil akylly äýneklerini hödürledi. Bu enjam berk titan çarçuwanyň içinde ýerleşýän sport görnüşli optiki linzalar bilen enjamlaşdyrylan bolup, iş hem-de gündelik ulanmak üçin köp sanly emeli aň funksiýalary bilen üpjün edilen. Bu barada «Huawei Central» habar berýär. Eyewear 2-niň aýratynlyklarynyň arasynda sesli buýruk arkaly işledip bolýan terjime funksiýasy, saglygy gözegçilikde saklamak üçin Cervical Health 2.0 ulgamy, günüň dowamynda howa barada maglumat we meýilleşdiriş kömegi ýaly mümkinçilikler bar. Şeýle-de ulanyjy başyny egmek arkaly telefon jaňlaryna jogap berip ýa-da olary ret edip biler. Kompaniýa görä, akylly äýnek bir gezeklik zarýad bilen 9 sagatlap telefon arkaly gürleşmäge ýa-da 11 sagat ses goýbermäge ukyply. Enjamyň doly zarýad almagy üçin 50 minut gerek. Eyewear 2 modeli gündelik ulanyş üçin amatly bolar ýaly süýşmeýän gulak tutawaçlary we rahat burun söýegleri bilen üpjün edilendir. Huawei Eyewear 2-niň bahasy 313 dollar diýlip kesgitlenildi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir