Google kompaniýasy Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde ilkinji geotermal elektrostansiýasyny gurar diýip, «Interesting Engineering» neşiri habar berýär. Google kompaniýasy Baseload Capital maýa goýum guramasy bilen Taýwanda geotermal elektrostansiýany gurmak boýunça ylalaşyk baglaşdy. Bu stansiýada öndüriljek elektrik energiýasy Google-yň ýerli maglumat merkezleriniň we ofisleriniň elektrik üpjünçiligi üçin peýdalanylar. Täze elektrostansiýany 2029-njy ýylda işe girizmek meýilleşdirilýär. Ol Google-yň Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki ilkinji geotermal desgasy bolar. Taslama resminamalaryna görä, täze elektrostansiýa 10 megawatt energiýa öndürer. Bu bolsa Taýwanda häzirki wagtda täjirçilik maksatly geotermal energetikanyň kuwwatyny iki esse artdyrar.