Dünýäniň iň alysdaky ýurtlarynyň biri bolan Tuwaluda ilkinji gezek bankomat oturdyldy. Ýuwaş ummanyndaky adalarda ýaşaýan halkyň elektron bank hyzmatlaryna girmegi ozal mümkin däldi diýip, «The Guardian» neşiri habar berýär. Bankomatlaryň işe girizilmegi mynasybetli, ýurduň baş adasy bolan Funafutiniň Waiaku obasynda dabaraly açylyş çäreleri geçirildi. Şol dabara ýurduň premýer-ministri Feleti Teo bilen bilelikde ýokary wezipeli syýasatçylar hem gatnaşdy. Ilkinji bankomatlar Tuwalunyň Milli bankynyň baş edarasyna gurnaldy. Häzirki güne çenli Tuwaluda ähli bank amallary diňe nagt görnüşde ýerine ýetirilýärdi. Aýlyk haklaryň geçýän güni bankyň öňünde nobatlar bolýar, bu hem köplenç uzaga çekýär. Bankyň şahamçalary bolsa sagat 14:00-da ýapylýar. Harytlaryň, myhmanhanalaryň we hyzmatlaryň tölegleri hemişe diýen ýaly kagyz pullar bilen tölenýär. Bankomatlar ýakyn wagtda ýerli obalarda we howa menzilinde hem gurnalar, şeýle hem ilata bank kartlary paýlanar. Ilkibaşda onlaýn bank hyzmatlary «adamlar öwrenişýänçä» mugt bolar diýip, Teo düşündirdi. Bäş bankomaty we 30 terminaly ornaşdyrmagyň çykdajysy 1,9 million dollara barabar boldy. Tuwaluda, takmynan, 12 müň adam ýaşaýar. Bankomatlardan peýdalanjak müşderileriň sanynyň hem, takmynan, 6 müň adam bolmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir