Linkin Park nýu-metal topary 31-nji maýda müňlerçe futbol janköýeriniň öňünde çykyş eder. Bu çykyş topar üçin aýratyn ähmiýetli waka bolup durýar. Sebäbi olar 2024-nji ýylda täze wokalist Emili Armstronk bilen sahna dolanyp geljekdiklerini we «From Zero» atly täze albomlaryny çykarjakdyklaryny yglan edipdiler diýip, «The New York Times» neşiri habar berýär. Linkin Park Çempionlar ligasynyň finalyndan öň muşdaklary bilen öz energiýalaryny paýlaşmagy, şeýle hem täze aýdymlary bilen bilelikde muşdaklaryň öňden bäri söýüp diňleýän köne hitlerini, şol sanda meşhur «Numb» aýdymy boýunça taýýarlan remiksini ýerine ýetirmegi meýilleşdirýärler. Lenni Krawitsiň geçen ýylky çykyşyndan soň, Linkin Park hem ýylyň iň uly sport çäreleriniň biri bolan liganyň finalynda dünýä belli ýyldyzlaryň çykyş däbini dowam etdirer. Bu çykyş ýerli teleýaýlymlar arkaly we UEFA-nyň resmi YouTube kanaly arkaly göni ýaýlymda görkeziler. Topar häzirki wagtda dünýä boýunça çykyşly syýahatyny dowam edýär. Gysga dynç alyşdan soň, 26-njy aprelde ABŞ-nyň Ostin şäherindäki konsert bilen syýahatlaryny dowam ederler.