CarFax tarapyndan geçirilen täze barlaga görä, ABŞ-da ulanylan awtoulaglara bolan isleg geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse köpeldi. Şol bir wagtda bahalar hem ýokarlanmagyny dowam etdirýär: ýolsuz ýerler üçin niýetlenen ulaglaryň bahasy ortaça 400 dollar, pikaplaryňky 250 dollar, miniwenleriňki bolsa 800 dollar ýokarlandy. Munuň esasy sebäpleriniň biri awtoulag üpjünçiliginiň çäklendirilmegidir. Öndürijiler girizilen gümrük paçlary sebäpli, käbir modelleriň öndürilmegini we iberilmegini wagtlaýyn togtadýarlar. Bu ýagdaý täze awtoulaglaryň elýeterliligini azaldýar we alyjylary ikinji el bazaryna ýüz tutmaga mejbur edýär. CarFax häzirki ýagdaýyň pandemiýa döwründe ýüze çykan mikroshema ýetmezçiligi bilen bagly kynçylyklary ýatladýandygyny belleýär. Gümrük paçlarynyň ýokarlanmagy awtoulaglaryň bahasynyň has-da ýokarlanmagyna we awtosalonlarda awtoulaglaryň ýetmezçiliginiň dowam etmegine sebäp bolup biler. Bilermenler bu ýagdaýyň dowam etjekdigini çaklaýarlar. Täze awtoulaglaryň bahasynyň ýokarlanmagy we ykdysady durnuksyzlyk bahalary ýokarlansa-da alyjylary ulanylan awtoulag satyn almaga iterýär. Bu bolsa bazarda «zynjyr reaksiýasyny» döredýär we 2025-nji ýylda ulanylan awtoulag satyn almagy meýilleşdirip gelýän adamlar üçin ýagdaýy has-da kynlaşdyrýar diýip, «Carscoops» neşiri ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir