Motorola kompaniýasy öz taryhynda ilkinji noutbugyny – Moto Book 60-y hödürledi. Ykjam gurluş durulygy 2,8K we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 14 dýuýmlyk OLED ekranyna eýe boldy. Ekran Dolby Vision, HDR tehnologiýalaryny we DCI-P3 reňk giňişligini goldaýar. Korpus metaldan ýasaldy we MIL-STD-810H ülňüsine laýyk gelýär. Noutbuk Intel Core 5 210H ýa-da Core 7 240H prosessorlary bilen elýeterlidir. Operatiw ýat – 32 GB çenli artdyrmak mümkinçiligi bilen 16 GB DDR5. Içki saklaýjy – 512 GB ýa-da 1 TB SSD PCIe 4.0. Akkumulýator sygymy 60 Wt/sag bolup, USB-C arkaly 65 Wt çenli zarýad berşi goldaýar. Moto Book 60 Wi-Fi 7, Bluetooth 5.4 modullarynyň we Motorola-nyň Smart Connect funksiýasynyň goldawyna eýe boldy. Şeýle-de, iki USB-A porty, iki USB-C, HDMI, audio porty we kardrider göz öňünde tutuldy. Agramy – 1,39 kg. Noutbuk ýaşyl we gök reňklerde elýeterli. Baha saýlanan wersiýa görä üýtgeýär. Core 5 çipli, 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýatly wersiýanyň bahasy, takmynan, 780 dollara barabar. Core 7 çipli, 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýatly wersiýa 875 dollara, 16 GB operatiw we 1 TB hemişelik ýatly model bolsa 920 dollara düşýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 11 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir