Lucasfilm kinostudiýasy “Ýyldyz söweşleri” (Звездные войны) franşizasy boýunça “Ýyldyz ýok edijisi” (Звездный истребитель) ady bilen täze filmi anons etdi. Filmde baş keşbi Raýan Gosling ýerine ýetirer. Önümçilik şu güýzde başlar, reliz bolsa 2027-nji ýylyň 28-nji maýyna meýilleşdirilýär diýip, Variety ýazýar. Film režissýor Şon Lewiniň “Dedpul we Rosomahadan” soň nobatdaky taslamasy bolar. Ýatlap geçsek, bu film prokatda 1,3 mlrd dollar ýygnap, R reýtingli iň girdejili film hökmünde rekord goýupdy. Täze film üçin ssenarini ozal Lewi bilen ““Adam” taslamasy” (Проект „Адам“) we “Indi özüňiz ýaşaň” (Дальше живите сами) filmleriniň üstünde hyzmatdaşlyk eden Jonatan Tropper ýazdy. Film Skaýuokerler baradaky hekaýatlar bilen baglanyşykly bolmadyk özboluşly waka bolar. Ondaky hereketler franşizanyň 2019-njy ýylda çykan soňky doly metražly filminiň (Star Wars: The Rise of Skywalker) wakalaryndan bäş ýyldan soň ýaýbaňlanar. Öň, taslamada bir roluň “Anora” filminiň ýyldyzy, aktrisa Maýki Medisona teklip edilendigi, ýöne onuň bu teklipden ýüz öwrendigi habar berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir