Johnson & Johnson MedTech kompaniýasy özüniň täze OTTAVA hirurgiki ulgamynyň kliniki synaglaryna başlady. Robotyň ulanylmagynda ilkinji operasiýalar üstünlikli geçdi. OTTAVA ýumşak dokuma operasiýalary üçin döredildi. Ulgam hem adaty, hem bedeniň dürli bölekleri bilen işlemegi talap edýän çylşyrymly operasiýalar üçin ulanylyp bilner. Onuň üçin gurallar Ethicon kompaniýasynyň tejribesiniň esasynda döredildi. Geljekde ulgamy Polyphonic sanly platformasyna birikdirmek meýilleşdirilýär – bu bellibir hassanyň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, her bir operasiýa aýratyn çemeleşmäge mümkinçilik berer. Amerikan düzgünleşdirijisi 2024-nji ýylyň ahyrynda kliniki synaglary geçirmäge rugsat berdi. Ilkibaşda taslamada operasiýa wagty kömek etjek alty robotlaşdyrylan manipulýatory (el) ulanmak meýilleşdirilipdi, ýöne 2023-nji ýylda ulgamyň üýtgediljekdigi habar berildi – indi onda dört manipulýator bolup, olar diňe hirurga zerur bolan ýagdaýynda işlär. Kliniki synaglaryň çäklerinde OTTAVA bilen işlän ilkinji hirurg Hýustondaky Tehas uniwersitetinden doktor Erik Uilson boldy. Ol Memorial Hermann-Texas lukmançylyk merkezinde hassada aşgazan operasiýasyny geçirdi. Ulgam henizem işläp taýýarlamak tapgyrynda bolup, häzirlikçe satuwa ýa-da täjirçilik ýaýradylyşyna goýberilmeýär. Johnson & Johnson MedTech dürli hirurgiýa gatyşyklarynda ulgamyň netijeliligini tassyklamak üçin kliniki synaglaryň dowamynda alnan maglumatlary ulanmagy meýilleşdirýär. Tejribeler tamamlanandan soň, kompaniýa ABŞ-da OTTAVA-nyň hasaba alynmagy üçin arza tabşyrar.