Intel biznesiniň bir bölegini satýandygyny mälim etdi. Ol 2015-nji ýylda 16,7 mlrd dollara satyn alan Altera kompaniýasyndaky paýlarynyň 51%-ini aýyrmak kararyna geldi. Şol wagt bu Intel-iň taryhynda iň uly şertnama bolupdy. Altera dürli işler üçin sazlap bolýan programmirlenýän logiki mikroshemalary (FPGA) işläp taýýarlaýar. Alyjy hökmünde Silver Lake maýa goýum kompaniýasy çykyş edýär. Şertnamanyň bahasy 4,46 mlrd dollar bolar. 10 ýylyň dowamynda Intel-iň dolandyrmagynda Altera-nyň satylan aktiwleriniň bahasy, takmynan, iki esse peseldi (inflýasiýany hasaba almazdan). Intel Altera-nyň paýnamalarynyň 49%-ini saklap galar. Bu kompaniýa geljekde Altera-nyň ösüşine gatnaşmaga mümkinçilik berer, ýöne ol eýýäm kompaniýanyň esasy eýesi hökmünde çykyş etmez. Intel paý satuwynyň prosessorlary we ýarymgeçirijileri öndürmek bilen baglanyşykly esasy işe ünsi gönükdirmäge kömek etjekdigini belledi.