Uhandaky Tunszi lukmançylyk kollejiniň ýanyndaky Bileleşik hassahanasynyň lukmanlary özboluşly operasiýa geçirdi. Olar ýedi ýaşly çaga magnit lewitasiýaly emeli ýüregi oturtdy. Bu ýüregiň agramy bary-ýogy 45 gram bolup, diametri 2,9 sm ýetýär. Bu öz hatarynda agyr ýürek şikesi bolan çagalar üçin döredilen iň ykjam we iň ýeňil ýürekdir. Operasiýany 30-njy martda ýürek-damar hirurgiýasy bölüminiň müdiri, professor Dun Nýango geçirdi. Çaga (makalada oňa Szýunszýun toslama ady berilýär) ýürek nogsanlygynyň ahyrky tapgyryndan ejir çekýärdi. Operasiýadan soň eýýäm ikinji günde ol özbaşdak dem almaga başlady, ýene bäş günden soň bolsa dikeldiş bölümine geçirildi. Onuň ýagdaýy durnukly. Emeli ýürek alymlar tarapyndan Shenzhen Core Medical kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy. Ol öz meňzeşlerinden 50% kiçi bolup, üçünji nesil magnit lewitasiýasyny ulanýar. Gurluş gan akymyny minutda 1500 – 3600 aýlanyşyk tizligi bilen kadalaşdyrýar, bu hem energiýany tygşytlap, batareýanyň iş möhletini uzaldýar. Hytaýda her ýyl, takmynan, 40 000 çaga ýürek kesellerini bejermäge mätäçlik çekýär. Ýöne şolardan diňe 7-10%-i donor ýüregini alýar. Ozal agramy 14 kg-den az bolan çagalar üçin laýyk gelýän enjam ýokdy. Taslama 2021-nji ýylda başlady we ol 19 ylmy merkezi birleşdirip, 212 çaga transplantasiýasynyň tejribesine esaslanýar. Ýürek diňe bir ömri halas etmän, eýsem çagalara ýüregi dikeltmek ýa-da donor ýüregine garaşmak üçin wagt berýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir