Samsung kompaniýasy One UI 7 täzelenmesini paýlamagy wagtlaýynça bes etdi. Ulanyjylar Galaxy S24 smartfonlaryny açmaga päsgel berýän bökdençlikler barada habar berýärler diýip, Wccftech.com habar berýär. One UI 7 programma üpjünçiliginiň dünýä ýaýramagy 7-nji aprelde başlandy. Ol Android 15 -e esaslanýar we emeli aň ulanylýan täze özleşdirme funksiýalary bilen üpjün edilen. Ony ilkinji bolup Galaxy S24, Galaxy Z Fold 6 we Z Flip 6 enjamlary aldy. Soňlugy bilen täzelenmäni beýleki modellere we sebitlere ýaýratmak meýilleşdirilipdi, ýöne birnäçe günden soň kompaniýa tehniki ýalňyşlyklaryň bardygyna we has gowy ulanyjy tejribesini üpjün etmäge çalşylýandygyna salgylanyp, ony ýaýratmagyny togtatdy. Mesele ilkinji gezek Günorta Koreýada bellige alyndy. One UI 7-ni guranlaryndan soň, Galaxy S24-iň käbir eýeleri enjamyň gulpuny açyp bilmedi diýip, Insider Ice Universe habar berdi. Forumlarda bökdençlikleriň Exynos 2400 prosessorly modellerde ýüze çykýandygy bellenýär. Samsung bu meseläni çözmek üçin patch goýbermedi-de, OTA faýllar serwerlerden doly aýryldy. Häzirki wagta çenli Samsung-dan gelip gowşan resmi beýanat ýok. Täzelenmek isleýän ulanyjylar kemçiligi düzedilen täze programma üpjünçiligi wersiýasynyň çykmagyna garaşmaly bolsalar gerek.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir