ABŞ-nyň Luiziana ştatynyň ýaşaýjysy Wiktor Şepard 2007-nji we 2014-nji ýyl iki sany «Toyota Tundra» pikaby bilen 3 million kilometrden köp ýol geçip, olaryň ygtybarlylygyny subut etdi. Bu barada «The Drive» neşiri habar berýär. Ilki bilen ol 2007-nji ýylda Toyota-nyň Tehasdaky zawodynda öndürilen model bilen 9 ýylyň dowamynda 1,6 million km geçdi. Soň bolsa şol üstünligi 2014-nji ýylyň «SR5 Double Cab» modeli bilen gaýtalady – bu pikap şol aralygy 11 ýylyň dowamynda geçdi. Ulanyş döwründe diňe generator bilen transmissiýasyny çalyşmaly boldy. Şepard şertnama boýunça sürüji bolup işleýär, şonuň üçinem her ýyl işi sebäpli, takmynan, 200 müň km ýol geçýär. Toyota kompaniýasy köne modeliň näderejede berkdigini öwrenmek üçin, Şeparda 2007-nji ýyl pikabyny 2016-njy ýylyň täze modeli bilen çalyşmagy teklip etdi. Sökülip barlanylanda, köne ulagyň ýagdaýy ajaýyp bolup çykdy: onuň original hereketlendirijisi, transmissiýasy we köp bölegi 117 gezek serwise barlandan soň hem işläp durdy. Häzirki wagtda Şepard iş üçin 2014-nji ýyl modelini ulanýar, 2016-njy ýylyň «Tundra-syny» bolsa şahsy gezelençleri üçin ulanýar.