Ozalky yglan edilen meýilnamalara laýyklykda, Toyota bilen Lexus 2027-nji ýyla çenli täze 15 sany elektromobil çykarmagy göz öňünde tutýarlar. Şondan soň Lexus täze awtoulagyň iki wersiýasynyň resmi atlary bolan «TZ450e» we «TZ550e» haryt nyşanlaryny bellige aldy. Olaryň ikisi hem ilkinji gezek apreliň ahyrynda, maýyň başynda geçiriljek Şanhaý awtosergisinde görkeziler. Bu barada «Carscoops» neşiri habar berýär. Toyota hem şol bir platformanyň esasynda birnäçe täze model döretmegi meýilleşdirýär. Bu platformanyň «bZ5X» diýlip atlandyrylmagyna garaşylýar. Belläp geçsek, Lexus ozal «Electrified SUV» atly konsept awtoulagyny tanyşdyrypdy. Ynha, şol konseptiň daşky görnüşinden ugur alyp, täze modeliň nähili boljakdygyny çaklap bolar. Ýöne köpçülikleýin önümçilige laýyk gelmeýän dizaýn aýratynlyklary, meselem, inçe we köp gatly faralar, kamera görnüşli arka aýnalar, şeýle hem gizlin gapy tutawaçlary bolmaz. Radiator gözenegi, bamperler we gapdal panelleri bolsa, ähtimal, şol konseptdäki ýaly saklanyp galar. Bu resmi däl suratlardan başga, häzirki wagtda täze awtoulag barada başga hiç hili maglumat ýok. Täze elektrokrossoweriň doly herekete getiriji ulgam, ýagny iki sany elektromotor bilen çykaryljakdygy, şeýle hem uly göwrümli batareýa bilen enjamlaşdyryljakdygy barada aýdylýar. Lexus-yň wekilleri elektrikli modelleri öndürmek üçin, Şanhaýda täze zawodyň guruljakdygyny hem belläp geçdi.