Mercedes-Benz kompaniýasy 2023-nji ýyldan bäri öndürilen iki million awtoulag üçin MBUX multimedia ulgamyny täzeledi. Täzelenme Wi-Fi arkaly elýeterli bolup, birnäçe täze aýratynlygy öz içine alýar. Olaryň arasynda ýoly ýokardan görkezýän Google Satellite View görnüşi, ChatGPT esasly kämilleşdirilen sesli kömekçi we off-road ulaglar üçin niýetlenen Offroad Track funksiýasy bar. G-Class, EQS SUV, EQE SUV, GLS, GLE, GLB we GLA ýaly ýolsuz ýerler üçin niýetlenen modelleriň eýeleri öz ýol ugurlaryny ýükläp, beýleki sürüjiler bilen paýlaşyp bilerler. Ulgam ýolda wagty wideo ýazgy almaga mümkinçilik berýär we ulagyň egilme burçlaryny, koordinatalaryny we tizligini hasaba alýar. Munuň üçin smartfonyňyzy öňdäki aýna berkidip goýmak zerurdyr. Ýazga alnan ugurlary soň gaýtadan görüp bolýar, bu hem syýahaty sanly görnüşde gaýtadan başdan geçirmäge mümkinçilik berýär. Täzelenme MBUX ulgamynyň ikinji nesli bilen enjamlaşdyrylan awtoulaglar üçin elýeterli. Ulgam ýollardaky dyknyşyklary we mümkin bolan duralgalary göz öňünde tutup, alternatiw ugurlary hem hödürleýär. Şeýle aýratynlyklar Mercedes-Benz awtoulaglaryny häzirki zaman sürüjileriň sanly isleglerine has-da ýakynlaşdyrýar.