Sony Group kompaniýasy PlayStation 5 oýun konsolynyň bahasynyň Ýewropada, Ýakyn Gündogar we Afrika sebitlerinde, Awstraliýada hem-de Täze Zelandiýada ýokarlanandygyny mälim etdi. Kompaniýa bu kararyny dünýädäki «kyn ykdysady ýagdaý, ýokary inflýasiýa we durnuksyz walýuta kurslary» bilen düşündirdi. Meşhur konsolyň bahasy 14-nji aprelden başlap, sebite baglylykda, 10-15% ýokarlandy. «The Verge» neşiriniň bellemegine görä, Sony PS5 üçin zerur komponentleriň köpüsini Hytaýda öndürýär, ABŞ bolsa Hytaýdan getirilýän harytlara 145%-lik gümrük paçlaryny girizdi. Neşiriň pikirine görä, beýleki sebitlerde bahalaryň ýokarlanmagy, ABŞ bazarynda bahalaryň hökmany artmagyna garşy, Sony tarapyndan görlen ýeňilleşdiriji çäre bolup biler, sebäbi ABŞ ýapon kompaniýasy üçin esasy bazarlaryň biri bolup durýar. Bahalaryň ýokarlanmagyndan soň, PS5-iň Ýewropadaky bahasy 499,99 ýewro (ozal 449,99 ýewro), Beýik Britaniýada 429,99 funt sterling (ozal 389,99 funt sterling), Awstraliýada bolsa 829,95 Awstraliýa dollary boldy. Şol bir wagtyň özünde, öndüriji bu bazarlarda PS5 üçin disk okaýan enjamyň bahasyny peseltmäge karar berdi.