Pfizer kompaniýasy Novo Nordisk we Eli Lilly kompaniýalarynyň bazardaky meşhur horlandyryjy serişdelerine garşy taýýarlaýan dermanyny işläp düzmegi bes etdi. Bu kararyň kabul edilmegine klinik synaglara gatnaşan bir näsagda bagyr zeperlenmesiniň ýüze çykarylmagy sebäp boldy. Pfizer kompaniýasynyň beýanatynda aýdylmagyna görä, danuglipron synagyna gatnaşanlarda bagyr fermentleriniň derejesiniň ýokarlanyş ýygylygy, bu görnüşdäki eýýäm tassyklanan dermanlaryň görkezijileri bilen deňdi. Emma şol synaglara gatnaşan, takmynan, 1400 adamyň birinde bagryň zeperlenme howpy ýüze çykaryldy. Näsag danugliprony ulanmagy bes edeninden soň, görkezijiler adaty ýagdaýyna geldi. COVID-19 pandemiýasy gutarandan soň, Pfizer kompaniýasy agramy netijeli dolandyrmak üçin derman taýýarlamaga üns berdi. Häzirki wagtda bazarda Eli Lilly we Novo Nordisk kompaniýalarynyň «Ozempik» we «Wigowi» dermanlary agdyklyk edýär. Pfizer-iň beýanatyndan soň, bu kompaniýalaryň paýnamalarynyň bahasy birža daşyndaky söwdalarda, degişlilikde, 2,6% we 2,8% ýokarlandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir