Dünýäniň köp ýurtlary üçin banknotlary, markalary, möhürli kagyzlary we pasportlary öndürýän Beýik Britaniýanyň «De La Rue» kompaniýasy ABŞ-nyň «Atlas Holdings» maýa goýum gaznasy tarapyndan hödürlenen satyn alyş teklibini kabul etdi. Bu barada «The Wall Street Journal» we «BBC» neşirleri habar berýär. «Atlas Holdings» maýa goýum gaznasy «De La Rue» kompaniýasynyň her bir paýnamasy üçin nagt görnüşde 130 pens (1,3 funt sterling) teklip etdi, bu bolsa onuň duşenbe güni bazar ýapylandaky bahasyndan 16% ýokarydyr. Şeýlelikde, şertnamanyň umumy bahasy 263 mln funt sterlinge (347 mln dollara) ýetdi. «De La Rue» kompaniýasy 1821-nji ýylda esaslandyryldy. Kompaniýa diňe bir Beýik Britaniýa üçin däl, eýsem dünýäniň 150-ä golaý ýurdy üçin banknotlary çap edýär. Şeýle hem pasport, sürüjilik şahadatnamasy ýaly resminamalary taýýarlap berýär hem-de banknotlary sanamak we barlamak üçin enjamlary öndürýär. Soňky ýyllar «De La Rue» üçin ýeňil geçmedi. Kompaniýa 2018-nji ýylda «Breksitden» soň beriljek täze britan pasportlaryny taýýarlamak boýunça şertnamany baglaşyp bilmedi. Satyn alyş işleri doly tamamlanandan soň, kompaniýa 1947-nji ýyldan bäri paýnamalarynyň satuwa çykarylýan ýeri bolan Londonyň birža gaznasyndan çekiler. «De La Rue» kompaniýasynyň satyljakdygy baradaky habarlardan soň, onuň paýnamalarynyň bahasy 15% ýokarlandy.