Tesla kompaniýasy Berliniň (Germaniýa) töweregindäki Brandenburg sebitinde ýerleşýän Giga Berlin zawodynda dünýäde iň uly zarýad bekedini açdy. Umuman alanyňda, bu ýerde 546 sany zarýad nokady gurnalan. Stansiýalaryň köpüsinde ähli brendlerdäki ulaglar üçin elýeterli bolan 11 kWt kuwwatly mugt AC zarýad nokatlary bar. Bu barada «Teslarati» habar berýär. Bu nokatlaryň 527-si zawodyň günorta duralgasynda ýerleşýär, şolaryň 226-sy gün panelleri bilen örtülen bassyrmanyň aşagynda. Bu bekediň energetika infrastrukturasynyň kuwwaty iň ýokary ýagdaýda 1 megawatta çenli ýetýär. Tiz zarýad bermek üçin bolsa, kuwwaty 250 kWt-a çenli ýetýän 19 sany Supercharger V4 stansiýasy gurnalan. Bu stansiýalar töleglidir: Tesla awtoulaglarynyň eýeleri üçin 0,40 ýewro/kWt⋅sag, beýleki elektromobiller üçin bolsa 0,53 ýewro/kWt⋅sag. Galan zarýad nokatlary bolsa mugt we hemmeler üçin açykdyr. Mundan ozal bu rekord 259 zarýad nokady bilen Merklingen şäherindäki bekede degişlidi, emma bu rekord indi Giga Berlin-e geçdi. Täze zarýad megaparky Tesla-nyň Ýewropada elýeterli infrastrukturany ösdürmek strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar.