SorbiForce amerikan kompaniýasy dünýäde ilkinji metalsyz batareýany hödürledi. Bu batareýa oba hojalygyndaky galyndylardan we duzlardan ýasalypdyr. Ol 30 ýyldan köp wagt işläp bilýär, ot almaýar, hatda zeper ýetse-de howpsuz we ony doly gaýtadan işläp bolýar diýip, «Sustainability Times» habar berýär. Batareýa doly zarýadlanmak we doly zarýaddan boşamak aýlawyny 5000 gezek ýerine ýetirip bilýär we bu sany 10 müňe çenli artdyryp hem bolýar. Onuň bahasy litiý-ion batareýalar bilen deňeşdirilende 1,8 esse arzan. Bu bolsa ony gün we ýel elektrik stansiýalarynda, zarýad stansiýalarynda we uzak ýerlerde ýerleşýän desgalarda ulanmak üçin amatly edýär. Energiýanyň dykyzlygy 35 Wt⋅sag/kg (bu elektrokarlar üçin gowy däl) bolsa-da, 700 kWt⋅sag kuwwatly 20 tonnalyk ýekeje konteýner 1 MWt-a çenli energiýa berip biler. SorbiForce ýaşyl energiýanyň täze eýýamyny açýar: zäherli maddasyz, partlamasyz we doly gaýtadan işläp bolýan tehnologiýa. 2024-nji ýylda bu startap 38 ýurtdaky maýadarlardan 340 müň dollar maýa goýum çekdi. Bu serişdeler sertifikatlaşdyryş we kämilleşdiriş işleri üçin ulanylar. Täze tehnologiýa energiýa saklaýjy bazary üýtgedip, litiýe we kobalta bolan garaşlylygy peseldip biler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir