2025-nji ýylyň tomsunda Hytaýyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Guýçžou welaýatyndaky Beýpan derýasynyň üstünden geçýän, dünýäniň iň beýik köprüsi boljak Huaszýan-Kanýon asma köprisi ulanyşa giriziler. Bu barada «Popular Science» neşiri habar berýär. Bir dagdan beýlekisine çenli ýol ozal bir sagada çekýän bolsa, indi bu köpri bilen şol ýoly birnäçe minutda geçip bolar. Sürüjiler 625 metr beýiklikdäki çuň jülgeleriň üstünden geçýän täze ýol bilen hereket ederler. Huaszýan-Kanýon köprisi – inženerçilik sungatynyň ajaýyp nusgasydyr. Çünki köpri örän kyn şertlerde gurulýar. Her biri 262 metr beýiklikdäki iki sany diňiň arasynda uzap gidýän asma troslar 1420 metr uzynlykdaky esasy geçelgäniň üstünden geçýär. Bu troslar ýokary belentliklerde adaty bolan güýçli ýellere garşy durnukly bolar ýaly edilip ýörite taýýarlanyldy. Köpriniň esasy göteriji polat gurluşy 93 sany bölekden ybarat bolup, olaryň umumy agramy, takmynan, 22 müň tonna barabar – bu hem iki sany Eýfel diňiniň agramyna deň diýen ýalydyr. Takmynan, 283 million dollar çykdajy bilen bary-ýogy üç ýylyň dowamynda gurlan Huaszýan-Kanýon köprisi Hytaýda amala aşyrylan ilkinji täsin asma köpri taslamasy däl. Dünýäniň iň beýik on köprüsiniň sekiz sanysy Hytaýda guruldy. Häzirki wagtda rekordyň eýesi bolan 565 metr beýiklikdäki Duge köprüsi hem Hytaýda ýerleşýär. Şeýle hem golaýda açylan, uzynlygy 24 kilometr bolan we bir bölegi suwyň astyndan geçýän Guandundaky ýokary tizlikli awtomobil ýoly hem 10 sany dünýä rekordyny goýdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir