15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün irden Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär. Ýapon Imperatorynyň köşgünde geçirilen duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze tapgyryna çykandygyny aýdyp, iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigini belledi. Ýaponiýa öňdebaryjy tehnologiýalary, senagatlaşdyrmagyň ýokary derejesi bilen meşhurlykdan peýdalanýar. Türkmenistan bolsa tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolup, ýapon tehnologiýalaryny çekmek arkaly olary has netijeli ulanmaga çalyşýar. Şular barada aýdyp, Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň soňky ýyllarda elektroenergetika, nebitgaz senagaty, himiýa we gurluşyk, ulag, oba hojalygy ýaly pudaklaryny işjeň döwrebaplaşdyrýandygyna ünsi çekdi. Duşuşykda nygtalyşy ýaly, Ýaponiýa ýokary tehnologiýalar ulgamynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri, maglumat tehnologiýalary, ekologiýa, durnukly ösüş ýaly ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirilýär. Şeýle-de duşuşykda medeni-ynsanperwer ulgamyň döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolmagynda galýandygy bellenildi.