OpenAI kompaniýasy geçen ýylky GPT-4o-nyň ornuny tutýan täze GPT-4.1 dil modelini hödürledi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze wersiýa “ähli görkezijiler boýunça diýen ýaly” özünden öňküden üstün gelýär diýip, The Verge belleýär. Kompaniýa programma koduny ýazmak we görkezmelere eýermek nukdaýnazaryndan algoritmiň kämilleşdirilendigini belleýär. Şeýle-de, ol bir gezekde has köp maglumaty işläp bilýär – GPT-4o-nyň 128 müň tokeni bilen deňeşdirilende, 1 mln tokene çenli. Täze model işläp düzüjiler üçin eýýäm elýeterli. Onuň bilen bilelikde iki ykjam wersiýa hem hödürlendi: GPT-4.1 Mini we GPT-4.1 Nano. Soňkusy OpenAI tarapyndan “iň kiçi, çalt we arzan” diýlip atlandyryldy. Modelleriň üçüsi-de teksti, şekili we wideony işläp bilýär. OpenAI GPT-4.1-iň indi has köp maglumatlardan gowy baş çykarýandygyny we artykmaç zatlara üns bermezden, zerur teksti takyk saýlaýandygyny habar berdi. Mundan başga-da, GPT-4.1 GPT-4o-dan 26% arzan bolup, bu hytaý kompaniýasynyň DeepSeek modeli bilen bäsdeşligiň güýçlenýän döwründe möhümdir. GPT-4.1 iki ýyl ozalky GPT-4 modelinden ýüz öwürmegiň öňüsyrasy işe girizilýär. 30-njy aprelde ony GPT-4o çalşar, GPT-4.5-iň deslapky wersiýasyna API arkaly giriş bolsa 14-nji iýulda ýapylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir