Şwesiýanyň Linçýoping uniwersitetiniň alymlary islendik şekli alyp bilýän, plastiline meňzeş täze görnüşli batareýany işläp düzdüler. Süýnýän ýumşak batareýa suwuk elektrodlardan peýdalanýar, bu bolsa ony beýleki enjamlara täzeçe usullar bilen ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu barada geçirilen ylmy-barlaglaryň netijeleri «Science Advances» žurnalynda çap edildi. Adaty batareýalar gaty we agyr bolýar, bu bolsa olaryň ownuk ýa-da çeýe enjamlar üçin peýdalanylmagyny kynlaşdyrýar. Täze döredilen batareýa bu çäklendirmelere garşy çözgüt hödürleýär: onuň elektrodlary geçirijilik aýratynlygy bolan suwuk plastikden we kagyz önümçiliginden galyndy hökmünde alnan ligninden taýýarlanyldy. Materialyň teksturasy diş pasta meňzeýär, bu bolsa 3D printer arkaly batareýanyň islendik görnüşde öndürilmegine mümkinçilik berýär. Alymlar batareýany synagdan geçirdiler we onuň netijeliligini ýitirmezden, 500-den gowrak zarýad berme we zarýaddan boşatmak aýlawyndan geçýändigini görkezdiler. Batareýany dartyp, iki esse diýen ýaly uzaldyp bolýar, emma ol şonda-da işleýär. Öňki synanyşyklarda ulanylan suwuk metallar wagtyň geçmegi bilen gatylaşyp, öz häsiýetlerini ýitirýärdi, emma täze tehnologiýanyň ulanylyşy ýeňil we tebigata zyýansyz materiallar arkaly has durnukly bolýar. Täze işlenip düzülen batareýa geljekki tehnologiýalar üçin, meselem, geýilýän datçikler, ýüregiň urşuny kadalaşdyryjy enjamlar ýa-da elektron matalar ýaly ýeňil we çeýe enjamlarda ulanmak üçin örän amatlydyr. Emma häzirlikçe bu batareýa diňe 0,9 woltlyk tok berip berýär, bu bolsa adaty batareýalardan pesdir. Alymlar bu görkezijini ýokarlandyrmak maksady bilen, batareýa sink ýaly metallary goşmagy meýilleşdirýärler.