Mazda ýapon awtoulag öndürijisi täze elektrokrossoweri bolan «EZ-60» modelini resmi taýdan hödürledi. Täze model brendiň baş awtoulagy hökmünde görkezilýär. Ol aerodinamiki dizaýny we 600 kilometrlik ýol ätiýaçlylygy bilen tapawutlanýar diýip, «Electrek» neşiri habar berýär. «EZ-60» Mazda bilen Hytaýyň Changan kompaniýasynyň bilelikde işläp düzen Changan EPA1 modul platformasynyň binýadynda gurlar. Elektrokar yzky tekerlerden herekete getirilýän ulgam bilen iki görnüşde hödürlenýär: birinjisi 215 at güýjünde, ikinjisi bolsa has kuwwatly – 255 at güýjünde. Şeýle hem alyjylar üçin iki görnüşli batareýa saýlawy bar: biri 520 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýän standart batareýa, beýlekisi bolsa 628 kilometre çenli zarýadsyz ýol geçýän giňeldilen görnüşli batareýa. Inženerler tiz zarýad ulgamyna aýratyn üns beripdirler: elektrokaryň batareýasy 80%-e çenli bary-ýogy 30 minutda zarýadlanýar. Adaty yzky aýnalaryň ýerine awtoulagyň daşyndaky görnüşi salonyň içindäki displeýlere görkezýän kiçi kameralar ýerleşdirilipdir. Awtoulagyň yzynda Mazda ýazgysy bilen bilelikde keseligine inçe yşyklar bar. Awtoulagyň ölçegleri: uzynlygy 4,8 metr, ini 1,93 metr, beýikligi bolsa 1,625 metr. «EZ-60» modeliniň bahasynyň 20 müň – 26,5 müň dollar aralygynda bolmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir