Britaniýaly Verge Motorcycles kompaniýasynyň elektromotosikli bir gezeklik zarýad bilen geçen iň uzak aralygy boýunça dünýä rekordyny goýdy. «Verge TS Pro» modeli Londonda we onuň töwereklerinde 311 km ýol geçdi we şondan soň hem akkumulýatorynyň 7% zarýady galdy. Elektromotosikli şäheriň içinde sürmek gowy, sebäbi tormoz berlende energiýanyň täzeden ulanylmagy akkumulýatory zarýadlap, ýoluň aralygyny artdyrýar. Aslynda, onuň ýol ätiýaçlygy bary-ýogy 200 km. Bu barada «New Atlas» neşiri habar berýär. Synag çyralar, pyýada geçelgeleri we ulag dykynlary bilen hakyky şäher şertlerinde geçirildi. Synagyň dowamynda, energiýany dikeldýän tormoz ulgamy elektromotosikle geçýän ýoluny 30%-e çenli uzaltmaga mümkinçilik berdi. Iki sürüji – Sem Klark we Sara Sloman – sagatda bir gezekleşip motosikli sürdüler. Synag 16 sagat dowam etdi. Akkumulýator doly tükenýänçä ulanylman, enjamyň hakyky şertlerde nähili işleýändigi görkezildi. Bu bolsa potensial alyjylara «Verge TS Pro» modeliniň şäherde nähili peýdaly boljakdygyny görkezdi. «Verge TS Pro» elektromotosikli güýçli elektrohereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan. 100 km/sag tizlige bary-ýogy 3,5 sekuntda ýetýär. Agramy 245 kg. Ol emeli aňly kompýuter, simsiz aragatnaşyk, «Öhlins» asma ulgamy ýaly häzirki zaman aýratynlyklar bilen üpjün edilen. Rekord goýan «Verge TS Pro» modeliniň başlangyç bahasy 29 müň 900 dollardan, «TS Ultra» modeli bolsa 44 müň 900 dollardan başlaýar. Elektromotosiklleriň 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde ABŞ-daky alyjylara gowşurylyp başlanmagyna garaşylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir