Meşhur bloger MrBeast öz YouTube kanalynda täze wideo neşir edip, Keniýadaky we Ganadaky çagalara kömek etmäge gönükdirilen täze taslamalary barada gürrüň berdi. YouTube blogeri birnäçe mekdepde okuwçylaryň ertirlik we günortanlyk nahar bilen üpjün edilmegi üçin iýmitleniş programmalaryny gurady. Mundan başga-da, şol okuw jaýlarynda partalar täzelendi, täze aşhana we ýyladyşhana guruldy hem-de suw saklamak üçin uly howdan gazdyryldy. Şeýle hem MrBeast azyk önümlerini daşap bilmekleri üçin, ýerli daýhanlara traktor we ýük ulagyny sowgat berdi. Bloger bikanun çaga zähmeti bilen göreşmek üçin, täze gözegçilik ulgamynyň işe girizilýändigini hem mälim etdi. Onuň sözlerine görä, täze programma ýetginjeklere meýdanlarda işlemän, mekdepde has köp wagt geçirmäge mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, MrBeast ABŞ-da açlyk meselesini çözmek baradaky uly maksadyny hem mälim etdi. Bu başlangyç üçin ol bir ýük ulagyny satyn alyp, ýurduň içinde iýmite mätäç adamlary iýmit bilen üpjün edýän haýyr-sahawat guramasyna pul kömegini berdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir