2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Lenovo, HP, Apple we Dell ýaly iri tehnologiýa kompaniýalary ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda çäklendirmeleriniň mümkinçiliginden howatyrlanyp, kompýuter enjamlarynyň gowşurylyşyny ep-esli ýokarlandyrdylar. Canalys analitika kompaniýasynyň maglumatyna görä, ýylyň ilkinji üç aýynda dünýä boýunça kompýuterleriň iberişi 62,7 milliona ýetdi. Bu görkeziji öňki çärýek bilen deňeşdirilende 9,4% ýokary bolup, soňky dört ýylyň iň ýokary derejesi boldy. Bu ösüş täze gümrük paçlarynyň güýje girmezinden öň, kompaniýalaryň ätiýaçlyk döretmäge synanyşmagy bilen baglanyşyklydyr. Esasy önümçilik bazalarynyň Hytaýda ýerleşýändigi sebäpli, öndürijiler goşmaça çykdajylardan gaça durmak maksady bilen, noutbuklaryň, stol kompýuterleriniň we iş stansiýalarynyň importyny çaltlaşdyrdylar. Analitikleriň bellemegine görä, bu strategiýa kompaniýalara täze nyrhlardan täsirlenmeýän ätiýaçlyklary ýygnamaga mümkinçilik berdi. Ulanyjylaryň islegi durnukly galýan hem bolsa, öndürijiler gowşurylyşlary bilkastlaýyn ýokarlandyrdylar. Öňräk kompaniýalar üpjün edijilerden önümçiligi tizleşdirmegi talap edipdiler. Birinji çärýekde gazanylan rekord derejesindäki gowşurylyş bu tagallalaryň üstünlikli bolandygyny görkezýär. Ýatlatsak, Tramp administrasiýasy döwründe köp sanly elektron enjam we olaryň bölekleri gümrük paçlaryndan boşadylypdy. Paçlardan boşadylan harytlaryň arasynda smartfonlar, noutbuklar, gaty diskler, kompýuter prosessorlary we ýat mikroshemalary hem bardy. Şeýle-de bolsa, ABŞ-nyň Söwda ministri Goward Lýutnik bu ýeňillikleriň diňe "garşylyklaýyn" paçlardan boşadylandygyny belläp geçdi. Şeýle-de ol öňümizdäki bir-iki aýyň dowamynda, esasan hem ýarymgeçirijilere degişli aýratyn gümrük paçlarynyň güýje girjekdigini aýtdy. “Bu harytlaryň hemmesi ýarymgeçirijilere degişli bolar we olaryň Amerikada gaýtadan öndürilmegini üpjün etmek üçin täze nyrhlar güýje girer. Çiplere we ýarymgeçirijilere bolan islegimiz örän ýokary, biz bu ugurda diňe Günorta-Gündogar Aziýa garaşly bolup bilmeris. Şonuň üçinem häzirki ýeňillikler wagtlaýyn” diýip, Lýutnik “ABC” teleýaýlymyndaky “This Week” atly gepleşikde aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir