Ýewropada XII-XIII asyrlara degişli bolan kitaplaryň adaty bolmadyk “tüýjümek” jiltleri düwlenleriň derisinden ýasalypdyr. “Independent and Live Science-iň” habaryna görä, Fransiýanyň, Daniýanyň we Beýik Britaniýanyň alymlary şeýle netijä geldiler diýip, Independent we Live Science habar berýär. Barlagyň netijeleri Royal Society Open Science žurnalynda çap edildi. Barlag 32 orta asyr kodeksini öz içine aldy. Ilki bilen alymlar Klerwo abbatlygynyň (1140–1275) kitaphanasyndan 19 sany gadymy golýazmany derňediler. 1150–1250-nji ýyllar aralygyndaky başga-da 13 sany şoňa meňzeş kitaby alymlar Klerwo buthanasyndan tapdylar. Adatça, şular ýaly kitaplar haýwanlaryň derisinden edilen pergamentlere ýazylypdyr. Olaryň sahypalary agaç, bagjyk, sapak ýa-da deri bilen çatylypdyr. Olaryň käbirinde “daşlyk” diýilýän ikinji jilt hem bolupdyr. Ozal şeýle “daşlyklar” diňe doňuz ýa-da sugun derisinden edilendir hasaplanýardy. Mass-spektrometriýanyň kömegi bilen we DNK derňewi arkaly täze maglumatlar alyndy. Ähli jiltler garsagaýaklylaryň derisinden edilen bolup çykdy. Taryhçylaryň sözlerine görä, bu material desýatina hökmünde alnan ýa-da wikingleriň norweg nesillerinden satyn alnan bolmagy mümkin. Öwrenilen kitaplaryň hemmesi Norwegiýanyň söwda ýollarynyň ugrundaky ybadathanalarda döredilipdir. Norwegiýalylaryň desýatinany düwlen derisi bilen töländikleri barada ýazgylar bar. Şol bir wagtyň özünde, jiltleriň haýsy materialdan edilendigini monahlaryň özleriniň hem bilmedik bolmaklary mümkin - şol döwürde fransuz dilinde düwleni aňlatmak üçin söz bolmandyr. Kitaplaryň mazmuny bilen jildiniň materialynyň arasynda baglanyşyk tapylmady.